SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar. Ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukuk esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Azerbaýjanyň ç...
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bilelikdäki başlangyç – «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi. Mejlise halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dürli döwletleriň maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary, bilermenler hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle h...
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellem...
Türkmen atçylyk sungaty Bakuda uly üstünlik gazandy: «Galkynyş» toparynyň çykyşy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrdy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Bakudaky “Bina” atçylyk-sport merkezinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli atçylyk toparynyň gatnaşmagynda täsirli medeni çäre geçirildi. Bu meşhur toparyň çykyşy türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezmek bilen, dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrüldi. 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan sungat topary öz maksatnamasyny ilkinji gezek azerbaýjan to...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
Diplomatik protokol boýunça gysgamöhletleýin okuw tamamlandy
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Okuwa ýurduň daşary syýasat edarasynda işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk...
Türkmenistan we Azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrýarlar
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow hem-de Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow ýolbaşçylyk etdiler. Maslahatyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahat...