SOŇKY HABARLAR
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA ÝOKARY DEREJELI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri ü...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY BOÝUNÇA PIKIR ALYŞDYLAR
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki bilelikdäki...
TÜRKMEN-EÝRAN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şun...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirl...