SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – K.G.Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Z.A.Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – N.N.Udowi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimi, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunç...
Türkmenistanyň DIM-iň beýanaty
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar. Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerin...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşdy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleri barada belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmeni...
Aziýa medeniýet festiwaly: bir yklym – müňlerçe hekaýa
2025-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Buharest şäheriniiň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde, Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi. Festiwalda Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisini...
BMG-niň edaralarynyň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalary tassyklanyldy
2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygider mejlisleri geçirildi. Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalar tassyklanyldy. Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Resminamalara laýyklykd...