RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Few

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary duşuşyk geçirdi.

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapynyň ýolbaşçysy  jenap Pawel-Kasian Nitulesku we degişli bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk  geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar energetika pudagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellediler we ikitarapla...

DOWAMY
pic
12 Few

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimu...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy

2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Bu ýerde geçen ýyllaryň dowamynda t...

DOWAMY
pic
11 Few

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen geldi. Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribe...

DOWAMY
pic
11 Few

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz...

DOWAMY
pic
11 Few

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...

DOWAMY
pic
6 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Akihisa Nagaşima wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serda...

DOWAMY