SOŇKY HABARLAR
ABU-DABIDE ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-EMIRLIKLER GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen ha...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PLOÝEŞTI ŞÄHERINDE TEGELEK STOL GURNADY
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploýeşti şäheriniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde şol ýokary okuw mekdebiniň Senatlar zalynda Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stoly gurnady. Tegelek stoluň işine Nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyplar, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Ploýeşti şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Energetika ministrliginiň we Daşary işler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň...
MASYH MAKSATNAMASYNYŇ ENERGETIKA UGRY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikas...
OWGANYSTANYŇ HALKARA GOLDAWY MESELELERINDE BMG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ TAGALLALARYNY UTGAŞDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN BMG-NIŇ HG-NIŇ REZOLÝUSIÝASYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy. Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY –ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...