RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň agza döwletleriniň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-de häzirki wagtda başlyklyk edýän Awstriýanyň Daşary işler ministri S.Kurtsyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Geňeşiniň işine guramanyň 57 agza hem-de 11 hyzmatdaş ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ÝHHG agza döwletlerindäki...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINE SERETDILER

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa bileleşiginiň Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işi boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy. ÝB-niň institutlary we döwletleri bilen h...

DOWAMY
pic
6 Dek

MOSKWADA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ ÝEDINJI MASLAHATY BOLUP GEÇDI

2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreş...

DOWAMY
pic
6 Dek

AŞGABATDA «TÜRKMENISTAN-ÝB» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda  «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Ýewropa bileleşiginden Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaý...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “AZIÝANYŇ ÝÜREGI-STAMBUL PROSESINIŇ” ÇÄKLERINDÄKI VII MASLAHATA GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Bakuda “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerinde ministrler derejesindäki VII maslahat “Aziýanyň ýüregi güýçli sebitiň hatyrasyna howpsuzlyk we ygrarlylyk” diýen temada öz işine başlady. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” agzasy hasaplanylýan döwletleriň we guramalaryň wekilleri- Owganystanyň Prezidenti we Daşary işler ministri, Tür...

DOWAMY
pic
1 Dek

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ HOWANDARLYGYNDAKY WEKILIÝETI HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Wenada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky resmi wekilleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň dowamynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barda Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bitarap Tü...

DOWAMY
pic
30 Noý

TÜRKMENISTANDA RUMYNIÝANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň binasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.  Medeniýet günleriniň açylşyna medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary ýygnandylar. Dabaraly açylyşda Rumyniýanyň medeniýet we milli meňzeşlik...

DOWAMY