SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEMINARY OFŞOR ZOLAKLARYNYŇ ÜSTI BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNYLAŞDYRMAGYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERINI ŞÖHLELENDIRDI
Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA RECCA VII ÇYGRYNDA AKADEMIK FORUM GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik forum geçirildi. Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Hytaý Halk Respublikasynyň Ženmin Uniwe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...
SÖWDA-ULAG INFRASTRUKTURASYNYŇ HOWUPSYZLYGY– TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ ÜNS MERKEZINDE
2017-nji ýylyň 10-njy we 11-nji oktýabrynda geçen ÝHHG-i tarapyndan gurnalan milli ulag-söwda infrastrukturasynyň howupsyzlygyny ösdürmäge ýardam bermek boýunça okuw sapaklaryna ulag logistika meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriniň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-ň Aşgabatdaky Merkezi gatnaşyjy...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY
2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...