SOŇKY HABARLAR
Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty
2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbugat maslahatynyň işine Türkmenistanyň DIM-...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Palestina Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.
2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy h-m Panowany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýandygyny bell...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...
Tegelek stol
2016-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Konstansiýanyň (Rumyniýa) deňiz portynyň edarasynda geçirilen “tegelek stolda” Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň tranzit-transport mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäklerinde multimodal ulag infrastrukturasy hödürlendi. “Tegelek stoly” gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy we Konstansiýanyň port edarasy çykyş etdiler. Maslahata Konstansiýa deňiz portunyň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň daşary...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...