SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ HOWANDARLYGYNDAKY WEKILIÝETI HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Wenada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky resmi wekilleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň dowamynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barda Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bitarap Tü...
TÜRKMENISTANDA RUMYNIÝANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň binasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Medeniýet günleriniň açylşyna medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary ýygnandylar. Dabaraly açylyşda Rumyniýanyň medeniýet we milli meňzeşlik...
DURNUKLY ENERGETIKA ÖSÜŞINIŇ MESELELERI – ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
AŞGABATDA ENERGETIKA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi. Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň munda...
28-29-NJY NOÝABRDA AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI GECIRILER
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisi gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdirer. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler. Energetika Hartiýasynyň Ko...
BUHAREST ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň guran “Caspian-Black Sea Forum. Beyond energy” diýen çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabara Rumyniýada işleýän diplomatik korpusynyň wekilleri, 40 hem gowrak rumyn we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary,...