SOŇKY HABARLAR
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
BUHARESTDA RUMYNIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GURNALDY
2017-nji ýylyň iyul aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Buharestdäky Ilçihanasy Rumyniýanyň DIM-iň Diplomatik instituty bilen birlikde, şol institutyň ýygnaklar zalynda “Türkmenistan we Rumyniýa: 25 ýyl dostluk we hyzmatdaşlyk” ady bilen iki yurdyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň yola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy. Tegelek stolyň işine Rumyniýanyň DIM-iň döwlet sekretary Aleksandr Wiktor Mikula, DIM-iň wekilleri, Mejlisiň, Ykdysadyýet ministirliginiň, Söwda-senagat...
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady
2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow b...
Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy
BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasyn...
Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar boýunça maslahat geçirildi
2017-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar boýunça maslahat geçirildi. Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Ilçi Peter Burian tarapyndan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalypdyr. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň Daşary işler, Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş, Adalat ministrlikleriniň wekil...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Pres-reliz
2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar. Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar. Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň kaliý gorlary...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy.
2017-nji ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gabriel Liwiu Ispaş, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Dan Nikulaesku weRumyniýanyň Diplomatik institutynyň Baş direktory Dan Petre dagylar bilen duşuşdy. B...