RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharest şäherinde welosiped ýörişi geçirdi. Agzalan sport çäresi Buharest şäher häkimliginiň, şeýle hem “Green Revolution” Assosiasiýasynyň goldawy bilen Buharest şäherinde ýerleşýän “Mihaý I Patyşasy” adyndaky parkynda guraldy. Çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýurtda wagtla...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilşi...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibi örän baý boldy. Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bile...

DOWAMY
pic
25 Maý

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatna...

DOWAMY
pic
25 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary gura...

DOWAMY
pic
25 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24 maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistan Respublik...

DOWAMY