RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar. Gep...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynda Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy we ol ýerde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary bilen baglanyşykly matam çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş jaýynda R.Meredow, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.

DOWAMY
pic
20 Maý

Президент Туркменистана и Национальный Лидер туркменского народа направили соболезнования руководству Исламской Республики Иран

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов направили свои соболезнования руководству Исламской Республики Иран в связи с гибелью Президента Ирана Эбрахима Раиси в результате аварии вертолёта, произошедшей 19 мая текущего года в провинции Восточный Азербайджан Ирана.

DOWAMY
pic
20 Maý

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...

DOWAMY
pic
20 Maý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar.                                                   Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi  we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer. Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada...

DOWAMY