RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Apr

Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

Türkmenistanly talyplar 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa «SEEMOUS-2024» matematika olimpiadasynda dürli medallaryň 17-sini eýelediler. Türkmenistanly zehinli matematika ökdeleriň ajaýyp çykyşy netijesinde olar 1 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç medala mynasyp boldular. Altyn medaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödäýewa eýeledi. Şeýle hem bu uniwersitetiň talyplary Nurmyrat...

DOWAMY
pic
17 Apr

Halkara resminamalaryň sanly kitaphanasy

Bu kitaphana okyjysyna esasy halkara resminamalarynda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. (https://docslibrary.gov.tm/)

DOWAMY
pic
17 Apr

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri...

DOWAMY
pic
17 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde tar...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bel...

DOWAMY
pic
16 Apr

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...

DOWAMY