RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr...

DOWAMY
pic
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...

DOWAMY
pic
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegi...

DOWAMY
pic
20 Dek

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi

2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. Duşuşykda Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň , şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri girdiler. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa...

DOWAMY
pic
17 Dek

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada

2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi. Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakista...

DOWAMY
pic
15 Dek

Türkmen-Taýland Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri barada

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatna...

DOWAMY
pic
14 Dek

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi barada

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, B...

DOWAMY