SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türk...
Türkmenistanyň DIM-nde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy. Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylm...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzma...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, türk wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-aly...
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy. Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016-2020 we 2020-2024-nji ýyllar. Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär. Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tar...