RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
26 Oct

Bildiriş

Hormatly raýatlar! Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediýalarda) Rumyniýanyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletini...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Oct

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy. Kararnamany hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen taslamany goldandyklary üçin BMG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirdi we 202...

CITESTE MAI MULT
pic
25 Oct

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 79 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Aşgabat şäherindäki BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. BMG-niň abraýly we kanuny ählumumy halkara forum, parahatçylygy goramagyň we pugtalandyrmagyň kepili hökmünde, şeý...

CITESTE MAI MULT
pic
25 Oct

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady. Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda...

CITESTE MAI MULT
pic
25 Oct

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ik...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Oct

2024-2029-njy ýyllar üçin IAEA-nyň Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyn...

CITESTE MAI MULT
pic
16 Oct

Yslamabat şäherinde Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň we geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek kesgitlenildi. Bu ug...

CITESTE MAI MULT