Her ýylky "Gara Ulis Kurultaý" atly halkara türk-tatar festiwaly

2023-nji ýylyň 1-4-nji sentýabry aralygynda Konstanta şäheriniň Wenera kenarynda her ýylky "Gara Ulis Kurultaý" atly halkara türk-tatar festiwaly  geçirildi,

 

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde her bir ýurduň sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy bolup, guramaçylar çykyş etdiler, festiwalda 15 adaty oýun we sport ,  olaryň 10-sy UNESKO-nyň Maddy däl medeni miras sanawy girýär, mundan başgada 5 aýdym-saz we tans bolup, 40 gatnaşyjy ýurduň döredijilik we senetçilik ussatlary gatnaşdylar.

 

Her ýurduň medeni mirasyna bagyşlanan gara öýlerde gurnalan  sergiler myhmanlaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň ilçihanasynyň gara öýünde myhmanlara türkmen halylary, milli eşikler, adaty senetçilik önümleri we türkmen senetçileriniň nagyşlary, kümüş şaý-sepler, saz gurallary, Türkmenistan hakda reňkli suratlar bilen tanyşdylar. Şeýle hem, myhmanlar türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistan baradaky beýleki neşirleriň we ylmy işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

 

Festiwalyň çäginde medeni, sungat we sport işgärleri, döwlet edaralarynyň wekilleri we Rumyniýadaky daşary ýurt ilçihanalary gatnaşan "ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasy: häzirki we geljek" atly halkara konferensiýa geçirildi.

 

Maslahatyň dowamynda ilçihananyň işgärleri tarapyndan ykdysady ösüşi, ýurdumyzyň baý medeni we taryhy mirasy, türkmen halk döredijiligi sungaty we kuştdepdisi ýaly milli tanslar barada çykyş etdiler.