BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary arasynda duşuşyk geçirildi.
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Baçunanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşygyň maksady, tanyşlyk we geljekde medeniýet pudagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ýobunça pikir alyşmak.
Duşuşygyň başynda rumyn tarapy, türkmen halysyna bagyşlanyp geçirilen äniň üstünlikli geçirilendigini belläp, çärä gatnaşmaga we çykyş etmäge mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu çäräniň halk köpçüligine Türkmenistanyň milli mirasyny wagyz etmekmekde, şeýle hem iki ýurduň arasynda medeni köpri gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigini belledi.
Ç. Rüstemowa, türkmen tarapynyň rumyn tarapy bilen medeni alyş-çalyş pudagynda, şeýle hem rumyn muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň we gyzyklanmasynynyň bardygyny nygtady.
Şu nukdaýnazardan ministriň orunbasary, türkmen tarapynyň bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny belläp geçdi, sebäbi wakalar üçin mümkin bolan teklipleri durmuşa geçirmek üçin rumyn tarapy, geçiriljek senesini, görnüşlerini, göwrümini we beýleki guramaçylyk meselelerini öňünden ara alyp maslahatlaşmalydygyny belledi.
Türkmen tarapy UNESKO bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändigi habar berildi. UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Gadymy Merw, Kuneurgenjiň ýadygärlikleri we gadymy Nusaý galasy girizilendigi bilen tanyşdylar. Şeýlede "Görogly" eposy, türkmenleriň milli aýdym-saz sungaty "Küştdepdi", Türkmenistanyň däp bolan haly dokamak we köpmilletli "Nowruz Baýramy" UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizilendigini bellediler.
Taraplar medeni diplomatiýanyň çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi barada ylalaşdylar.