2025-nji ýylyň 26-njy martynda Buharestdäki Rumyniýanyň Daýhan milli muzeýiniň binasynda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan her ýylky sergi-ýarmarkasy guraldy.

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Buharestdäki Türkmenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň ilçihanalary bilen Buharestdäki Rumyniýanyň Daýhan milli muzeýiniň binasynda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan her ýylky sergi-ýarmarkasy guraldy. Her ýurt sergi-ýarmarkasynyň çäginde milli stendini taýýarlady.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde sergi ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy bolup, Ilçiler çykyş etdiler. Çykyş edenler asyrlaryň we müňýyllyklaryň geçýändigini ýöne taryhy çäklerden geçen bu baýramçylygyň orny  henizem köp halkyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigini biragyzdan bellediler. Ähli halklara dostlugyň, doganlygyň, agzybirligiň we täze üstünlikleriň bolmagyny ündeýän ähli janly mazmuny bilen gözelligiň we ýagşylygyň şatlygyny bermegini dowam etdirýän baýramdygy bellendi.

Çykyşlardan soň, Nowruz baýramyny nädip belleýändigi barada gatnaşyjy ýurtlar wideolaryny myhmanlara görkezdi. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wideoýazgylarynda myhmanlar ýurdumyzyň baý medeni we taryhy mirasy, Nowruzyň gelmegine bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, türkmen halk döredijiligi we kuştdepdi ýaly milli tanslar bilen tanyşdylar.

Çäräniň esasy bölegi, gatnaşyjy ýurtlaryň medeni mirasyna bagyşlanan muzeýde geçirilen milli sergi boldy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergisinde myhmanlara medeni mirasyň we ykdysady üstünlikleriň elementleri hödürlendi. Muzeýiň myhmanlary türkmen senetçileriniň milli eşiklerini, keşdelerini görmäge mümkinçilik alýarlar. Türkmen halylaryna we saz gurallaryna sergi zalynda aýratyn ýer berildi.

Ýurdumyzyň baý medeni we taryhy mirasy, türkmen halkynyň ruhy, däp-dessurlary sergä gatnaşyjylara reňkli suratlar arkaly ýetirildi. Şeýle hem, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri we ýurdumyz barada çap edilen beýleki maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çäräniň ahyrynda  gatnaşyjy ýurtlaryň milli aşhanasyny görkezýän “Nowruz aşhanasy” bölümi boldy.

Sergä Rumyniýanyň resmi guramalarynyň wekilleri we diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Buharestiň ýaşaýjylary, metbugat wekilleri, Buharestdäki uniwersitetlerde okaýan talyplar gatnaşdylar.