RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

1 Mar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Buharestde okaýan türkmen talyplary bilen möhüm döwlet mejlisleriniň jemleri boýunça duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiň netijesinde döwletiň üstünlikleri we  ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyrmak üçin Buharestiň ýokary okuw jaý...

CITESTE MAI MULT
28 Feb

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...

CITESTE MAI MULT
28 Feb

Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.  Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikde...

CITESTE MAI MULT
27 Feb

Türkmenistan bilen Rumyniýa parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy. Duşuşyk, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we ýakyn geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentler derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygyny bellediler....

CITESTE MAI MULT
27 Feb

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykdy

Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...

CITESTE MAI MULT
26 Feb

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...

CITESTE MAI MULT
26 Feb

Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Şu gün, 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

CITESTE MAI MULT