CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen geldi. Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribe...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz...
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Akihisa Nagaşima wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serda...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidentiniň...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Akylly şäherler birleşiginiň (RAŞB) ýolbaşçysy jenap Eduard Dumitrasku bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Akylly şäherler birleşiginiň (RAŞB) ýolbaşçysy jenap Eduard Dumitrasku bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň başynda rumyn tarapy, 2016-njy ýylda işine başlan bu birleşigiň esasy işleri barada gürrüň berdi. RAŞB – bu akylly şäher senagaty bilen baglanyşykly dürli ugurlardan hünärmenleri birleşdirýän, şeýle hem 300-den gowrak hyzmatdaşy bolan edara. Edua...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda täze kitaplaryň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ”Magtymguly - dünýäniň akyldary”, Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” kitaplarynyň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen “Magtymguly” goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmen Ha...