RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
30 Ian

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda onuň köp...

CITESTE MAI MULT
pic
24 Ian

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ÝB-niň taslamalarynyň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň...

CITESTE MAI MULT
pic
24 Ian

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem myhman Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýet...

CITESTE MAI MULT
pic
22 Ian

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Telefon söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz bularyň köp babatda Gazagystanyň Baştutanynyň hyzmaty...

CITESTE MAI MULT
pic
22 Ian

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.  Şeýle-de ol Pre...

CITESTE MAI MULT
pic
22 Ian

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy geçirildi. Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde surata düş...

CITESTE MAI MULT
pic
21 Ian

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen Informatika boýunça Milli gözleg we ösüş institutynyň (ICI Buharest) gözleg institutynyň baş müdiri Adrian Wiktor Wiveranyň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli gözleg we ösüş institutynyň (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen gözleg institutynyň baş müdiri Adrian Wiktor Wiveranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda rumyn tarapy gözleg institutynyň binasynda  türkmen tarapyny garşylamaga hoşallygyny bildirip, Milli gözleg we ösüş institutynyň taryhy,  alyp barýan işi we gözleg ugurlary barada gürrüň berdi we iki ýurduň arasyndaky gözlegleriň, teh...

CITESTE MAI MULT