"HAZAR DEŇZI - GARA DEŇIZ" TRANSPORT GEÇELGESINIŇ ÖSÜŞ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi A.Annaýew "Hazar deňzi- Gara deňiz "halkara üstaşyr we transport ýoly boýunça iş toparynyň utgaşdyrjysy Adrian Jorj Fogiş bilen duşuşdy. Şeýle hem ýygnakda Rumyniýanyň Transport we infrastruktura ministriniň orunbasary Konstantin Gabriel Bunduk bardy.
Duşuşygyň gü n tertibinde ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda "Hazar deňzi - Gara deňiz" halkara üstaşyr we ualg geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek boýunça hökümetara şertnamanyň taslamasyny taýýarlamak ýaly meseleler alnyp maslahatlaşyldy.
Bu geçelgäniň döredilmegi 2018-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ulag meselesi boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň ýygnagynda yglan edildi. Täze halkara ulag geçelgesi Hazar we Gara deňizleri Azerbaýjanyň we Gruziyanyň üsti bilen birleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde geçelgäniň başlangyç nokady Türkmenistan, iň soňky nokady Rumyniýa. Geçelgäniň möhüm nokatlary Rumyniýanyň Gara deňizde ýerleşýän Konstanta porty we Türkmenbaşy portydyr.
Duşuşykda taraplar ulag we üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyk we "Hazar deňzi - Gara deňiz" halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini iň ýokary derejede peýdalanmak barada pikir alyşdylar.