Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre geçirdi.

photo

2016-njy ýylyň aprel aýynyň 25-29-y aralygynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli Rumyniýanyň Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre guraldy.

Bu “Türkmenistan hepdeligi” atly çäräniň dowamynda Ilçihananyň wekilleri tarapyndan bu mekdebiň okuwçylaryna Türkmenistan hakynda açyk sapaklar geçirildi hem-de mekdebiň binasynyň esasy zalynda Türkmenistanyň milli medeni gymmatlyklary bolan türkmen el halylary, el işleri, milli egin eşikleri, türkmen saz gurallary we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň sergisi guraldy.

Şeýle-de bu dabaraly çäräniň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Özüň üçin Türkmenistany aç” şygary bilen surat çekmeklik boýunça ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary şeýle hem degişli diplomlar gowşuryldy.