Rumyniýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri
2016-njy ýylyň 24-nji maýynda Buharestde Dmitriý Gusti adyndaky obasynyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleri açyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Medeniýet ministrliginiň, öňdebaryjy muzeýleriniň, döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler hem-de folklor-etnografiki toparlar girdi.
Dabaraly açylyşyna Rumyniýanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň, Buharestde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şäheriň jemgyýetçilik we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, rumyn mekdep okuwçylary hem-de dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda parahatçylygy we dostlugy berkitmekde, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmekde şu günki çäräniň ähmiýeti bellenildi.
Soňra dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen halyçylarynyň dokan gadymy we häzirki zaman halylary, ussat tikinçileriň tiken milli lybasyň hem-de zehinli zergärleriň ýasan özboluşly zergärçilik önümleriniň nusgalary görkezildi.
Agşamara Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň zalynyň sahnasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konsertiň maksatnamasyny türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetiren meşhur estrada we halk aýdymçylarynyň çykyşlary düzdi. Tomaşaçylar türkmen baýramçylygynyň özboluşly öwüşginlerine, däp-dessurlaryna syn etmäge, milli saz gurallarymyzyň gaýtalanmajak owazlaryny hem-de türkmen estradasynyň häzirki zaman sazlaryny, aýdymçylaryň ajaýyp seslerini diňlemäge mümkinçiligi boldy.