“Ilçihanalaryň Festiwalynyň” resmi açylyş dabarasy

photo

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Buharest şäheriniň Milli teatrynyň binasynda“Ilçihanalaryň Festiwalynyň” resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalary gatnaşýar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli Türkmen milli sergisini gurnady.

Türkmenistanyň bu sergisinde türkmen milli el halylary, milli egin-eşikdir, şaý-sepler, milli saz gurallary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan ylmy kitaplary hem-de Türkmenistan hakynda çap edilen dürli neşirýat önümleri ýerleşdirilipdir.

Bu festiwaly gurnaýjylar bolup Rumyniýanyň medeniýet ministrligi, daşary işler ministrligi, Buharest şäheriniň häkimligi we “Esku Assosiasiýasy” guramasy çykyş etdiler. Sergi öz işini 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne çenli dowam eder.