Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi.
Konstitusion kanunyň kabul edilmegi syýasy ulgamyň has-da kämilleşdirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen, hususan-da syýasy köpdürliligi we köppartiýalylygy göz öňünde tutýan ýurtda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň logiki dowamydyr. Bu ösüşiň iň esasy netijeleriniň biri hem, Türkmenistanda – ýurduň taryhynda ilkinji gezek – Adam hukuklary boýunça Doly ygtyýarly wekil wezipesiniň girizilmegidir.
Konstitusion kanun kabul edilmezinden ozal, ol ýurduň syýasy partiýalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, zähmet köpçüliklerinde giñden maslahatlaşyldy. Täze kanunyñ taýýarlanmagynda ýurduň raýatlaryndan gelýän teklipler we islegler hem göz öňünde tutuldy.