img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Noý

“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlis başlanmazdan ozal, oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilelikde resmi ýadygärlik surata düşdüler. Soňra «Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi ö...

DOWAMY
pic
20 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ik...

DOWAMY
pic
20 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Milli Lid...

DOWAMY
pic
20 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbit...

DOWAMY
pic
20 Noý

Awazada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýolbaşçy we pudaklaýyn edaralarynyň mejlisleri geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri, şeýle-de “Awaza” toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Çykyşlarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň parlament ýolbaşçylarynyň we...

DOWAMY
pic
20 Noý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň resmi adamlary ugratdylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardy we bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň adynd...

DOWAMY
pic
19 Noý

Türkmenistanyň DIM-nde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasaty meýilleşdirmek departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň Türkmen-Rus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasaty meýilleşdirmek departamentiniň direktory Alekseý Ýurýewiç Drobinin gatnaşdy. 2025–2026-njy ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli bentleriniň ýerine ýetirilmeginiň çäklerin...

DOWAMY