SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 17–18-nji noýabrynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň parlamentleriň ÝHHG-niň çäklerinde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekdäki ornuna bagyşlanan üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirildi. Forum Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata ÝHHG-ä agza döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝHHG-niň Parlamen...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNFPA-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl ýurtda Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy, «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Enäniň we çaganyň saglygyny gora...
Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Daryň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli meseleler girizildi. Özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäg...
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda, Türkmenistanyň we Pakistanyň bilelikdäki hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli syýasy dialogy saklamagyň, şeýle hem ozal gazanylan...
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa geçirildi. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky ikinji Sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň (BHМ) durmuşa geçirilişine bagyşlandy. Çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow gatnaşdy. Duşuşygy...
Türkmenistanyň wekiliýeti Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň, Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlarynyň, Gara deňiz sebitiniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda sebit...
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýan döwletleriň wekiliýet baştutanlary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşýan wekiliýet baştutanlary bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Duşuşyk Pakistanyň YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derej...