SOŇKY HABARLAR
Ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri: hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy. N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda t...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy, daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şer...
Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny< şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝUNICEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýu...
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen...
Buharestde Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Buharest şäheriniň Agronomik ylymlar we weterinar medisina uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen talyp ýaşlar gatnaşdylar....
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forum...
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
2026-njy ýylyň 26-njy martynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Maslahatda gender deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy....