img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Maý

KHBS üçin maglumat

Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň...

DOWAMY
pic
19 Maý

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kada...

DOWAMY
pic
15 Maý

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-iniň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Muratow, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň DIM-iniň Konsullyk departamentiniň baş direktory Oana Dariýe ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda tarapla...

DOWAMY
pic
12 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin...

DOWAMY
pic
12 Maý

Parahatçylyk söýüjilik – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra “Halkara gatnaşy...

DOWAMY
pic
9 Maý

Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji...

DOWAMY
pic
9 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. ​Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny...

DOWAMY