SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARY PALATASYNYŇ SPIKERI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy-ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Tü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy. Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, şu ýylyň ähmiýetli bolandygyny we ýurtlaryň GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp belländiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn düzümleriniň ýygnaklarynyň, Arkalaşygyň ýurtlaryny...
SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Duşuşygyň barşynda GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijeler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tü...
TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» SANJYMYNY HASABA ALAN DÖWLETLERIŇ ILKINJILERINIŇ BIRI BOLDY
Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we onuň ulanylmagy üçin degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» ýaly rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny makullan döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy. Bu serişdeler bilen sanjym edilmegi ilatda immunitetiň tiz kemala getirilmegine mümkinçilik berer. Göni maýa goýumlaryň Rus gaznasynda (GMgRG) be...
TÜRKMENISTAN «SPUTNIK LAÝT» RUS SANJYMYNY HASABA ALDY
2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. GMgRG şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiliginiň hem meýilleşdirilendigini habar berýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Sputnik Laýt» sanjymy Hi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ HEM-DE TÜRKMEN DIPLOMATLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna ýol...