SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ PAKISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, şu gün Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamyny ýetirdi. Ministr şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen tarapyndan – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylala...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HEREKETLERINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...
«MERKEZI AZIÝA - HINDISTAN» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Merkezi Aziýa - Hindistan» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa - Hindistan» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady. Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen taky...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Şu gün, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşy...