img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Few

Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň şygaryna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda  2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýyly "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" şygary bilen yglan etmegiň Türkmenistan...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hödürlenen Meýilnama boýunça umumy maglumat berildi. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumy...

DOWAMY
pic
18 Few

«Kompozitor» atly film Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

?Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Onuň işi kino pudagynyň hünärmenleri, tankytçylary we halkara medeni jemgyýetçiligi t...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy. 16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsy...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýanyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Tomas Şteliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň netijeli...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Olar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşik...

DOWAMY