img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Few

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Ilçi M.Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...

DOWAMY
pic
10 Few

BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş müm...

DOWAMY
pic
10 Few

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň o...

DOWAMY
pic
4 Few

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026-daky ÇYKYŞY

(Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly)   Hormatly Sammite gatnaşyjylar, Hanymlar we jenaplar, Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimler...

DOWAMY
pic
3 Few

Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, h...

DOWAMY
pic
3 Few

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny belledile...

DOWAMY