img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Noý

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Marokkonyň halkara we sebit gurama...

DOWAMY
pic
11 Noý

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärçilikli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini be...

DOWAMY
pic
11 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 10-12-nji noýabry aralygynda Wenada Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär. Çärä gatnaşyjylar halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibi boýunça ulgamyny berkitmek, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirilmek, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşýar. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiý...

DOWAMY
pic
8 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi. Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammi...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda M.Bäşimowa söhbetdeşini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol CARIСC...

DOWAMY
pic
6 Noý

«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekil...

DOWAMY
pic
28 Okt

KHBS üçin maglumat

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.   Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabry

DOWAMY