SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy. Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem kompaniýanyň başlygy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady. Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy. Çykyş tamamlanandan soňra, Rim şäheriniň häkimine söz berildi. Roberto...
Aşgabatda Halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bilermenler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar b...
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. «Baglanyşyga maýa goý – durnuklylykda ös» şygary astynda geçirilýän halkara forumyna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli döwlet wekilleri, işewür toparlaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin haba...
Türkmenistan we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak f...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan kabul edildi. Bu resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň we ýokary derejeli duşuşyklarynyň çözgütleriniň utgaşykly we toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça alnyp barylýan işler» atly 13-nj...
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňdebaryjy koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzir...