SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýe...
Türkmenistanyň ýaşlary durnukly ösüş üçin ekologiýa meseleleriniň üstünde işjeň işleýärler
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 120-den gowrak öňdebaryjy ýaşlary, Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş Ilçilerini, ekologiýa ugrundaky işjeň raýatlary, döwlet edaralarynyň, BMG-niň düzümleriniň wekillerini we bilermenlerini birleşdiren Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenistandaky LCOY 2025 maslahaty BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň ýanyndaky çagalar we ýaşlar boýun...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Kasri Millat” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlaryny...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...
Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sow...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygyny ýurdumyzyň alyp barýan içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Türkme...