RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Iýul

BUHARESTDA RUMYNIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GURNALDY

2017-nji ýylyň iyul aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Buharestdäky Ilçihanasy Rumyniýanyň DIM-iň Diplomatik instituty bilen birlikde, şol institutyň ýygnaklar zalynda “Türkmenistan we Rumyniýa: 25 ýyl dostluk we hyzmatdaşlyk” ady bilen iki yurdyň arasyndaky  diplomatik  gatnaşyklaryň yola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy. Tegelek stolyň işine Rumyniýanyň DIM-iň döwlet sekretary Aleksandr Wiktor Mikula, DIM-iň wekilleri, Mejlisiň, Ykdysadyýet ministirliginiň, Söwda-senagat...

DOWAMY
pic
28 Apr

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň VII mejlisi öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow b...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistan Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasyn...

DOWAMY
pic
22 Apr

Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar boýunça maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar boýunça maslahat geçirildi. Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Ilçi Peter Burian tarapyndan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalypdyr. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň Daşary işler, Maliýe, Ykdysadyýet we ösüş, Adalat ministrlikleriniň wekil...

DOWAMY
pic
29 Mar

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Pres-reliz

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde  türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar. Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar. Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň  kaliý gorlary...

DOWAMY
pic
15 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy.

2017-nji ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gabriel Liwiu Ispaş, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Dan Nikulaesku weRumyniýanyň Diplomatik institutynyň Baş direktory Dan Petre dagylar bilen duşuşdy. B...

DOWAMY
pic
2 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşdy

Şu gün, 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gitdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet hem hökümet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu  duşuşyk Guramanyň geçen döwrüň içinde amala aşyran işlerine baha bermekde, seljermekde, şol bir wagtda geljekde haýsy ugurlar boýunça işleriň alny...

DOWAMY