SOŇKY HABARLAR
Sergi-ýarmarkasy “Bilelikde Bahary garşylaýarys”
2017-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy GDA döwletleriniň Rumyniýadaky Ilçihanalary bilen bilelikde Buharest şäheriniň taryhy merkezinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasyna gurady. Dabaraly ýagdaýda geçirilen sergi-ýarmarkasynda gatnaşýan ýurtlaryň medeni-taryhy ýadygärlikleri baradaky foto suratlar, milli saz gurallar, egin-eşikler we beýleki m...
BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenmesinde ady agzalan resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu Kararnamany doly goldandyklary üçin, awtordaş bolup...
Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty
2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbugat maslahatynyň işine Türkmenistanyň DIM-...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Palestina Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.
2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy h-m Panowany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýandygyny bell...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...