SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary dereje...
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25–28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde “Durnukly ösüş üçin suw - 2018–2028-nji ýyllar” atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň çäklerinde ýokary derejeli 4-nji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda “Durnukly ösüş üçin suw - 2018–2028-nji ýyllar” atly Hereketleriň halkara onýyllygynyň maksatlaryny ilerletmek, Durnukly ösüş maksat...
Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini bellediler. Husus...
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. A...
Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn gör...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de we syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şeýle hem duşuşykda köpt...