SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we...
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit w...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatl...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy. Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlar...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat diňlenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zo...
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar
2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş depginini bellediler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy....
Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet s...