SOŇKY HABARLAR
Parahatçylyk söýüjilik – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra “Halkara gatnaşy...
Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji...
Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny...
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir. Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň ulgamy döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylyg...
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, ş...