SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny,...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Raşid Meredow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň TÜRKSOÝ-nyň opera günlerine hem-de görnükli türkmen...
Türkmenistanyň DIM-de Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdiri...
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pug...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bil...
Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa s.) Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünl...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi. Öz ge...