SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Jenap Stýuart duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly...
Türkmen-ýapon özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, «Maşynlar we enjamlar» kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady w...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin...
Aşgabat şäherinde Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Forumda türkmen tarapyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. ABŞ-niň wekiliýetine «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi. Foruma wekilçilik eden ABŞ-niň kompaniýalarynyň arasynda «Case New Holland», «Climate Compass», «Boeing», «John Deere», «N...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşa...
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň deslapky jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylyň 9-13-nji dekabry aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran baha beriş saparynyň deslap...
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy,...