SOŇKY HABARLAR
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Ha...
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. I.Bukato duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowа iň gowy arzuwlaryny beýan e...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, ösüşler we özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkada...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 43-nji umumy mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň taslamasyny hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa taslamany goldaýandyklary üçin BMG-ä agza ýurtlara minnetdarlygyny bildirdi we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şer...
Aşgabatda «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekr...
Türkmenistan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahaty geçirdi
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy döwletleriň «Bar bolan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek» atly maslahaty geçirildi. Duşuşyk Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistan bu maslahaty özüniň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamada başlyklyk etme...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryn...