Buharest şäherinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi
2016-njy ýylyň 14-15-nji iýunynda Buharest şäherinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Maliýe Ministri M.Muhammedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Toparyň rumyn tarapyna Wise-premýer, ykdysadyýet, söwda we işewürler toparlar bilen gatnaşyklar Ministri Kostin Grigore Bork baştutanlyk etdi.
Mejlisiň jemleri boýunça söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty, syýahatçylyk, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi öz içine alýan Teswirnama gol çekildi.
Rumyniýa iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe Ministri Rumyniýanyň Maliýe ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Buharestiň gymmat bahaly kagyzlar biržasynyň hem-de Rumyniýanyň ätiýaçlandyrma bazaryna, hususy pensiýalar bazaryna we gymmat bahaly kagyzlar bazaryna gözegçilik edýän Agentliginiň ýolbaşylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Şeýle hem saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin Rumyniýanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we iri rumyn kompanialarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar gurnaldy.