Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

photo

Şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar birek-biregi hazarýaka döwletleri tarapyndan her ýylyň  12-nji awgustynda, ýagny şol gün 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň güýje girmegi bilen baglylykda bellenip geçilýän Hazar deňziniň güni bilen gutladylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi bilen bagly meseleleri, şol sanda ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem Hazar sebitindäki özaragatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy