Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda

photo

“Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň iri möçberli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmaly;
2. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň wezipelerini Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) ilçihanasynyň üstüne ýüklemeli.